• А
  • Б
  • В
  • Г
  • Д
  • Е
  • Ж
  • З
  • И
  • К
  • Л
  • М
  • Н
  • О
  • П
  • Р
  • С
  • Т
  • У
  • Ф
  • Х
  • Ц
  • Ч
  • Ш
  • Э
  • Ю
  • Я
  • A
  • B
  • C
  • D
  • E
  • F
  • G
  • H
  • I
  • J
  • K
  • L
  • M
  • N
  • O
  • P
  • Q
  • R
  • S
  • T
  • U
  • V
  • W
  • X
  • Y
  • Z
  • #
  • Текст песни 03 Дорожк - 3

    Просмотров: 4
    0 чел. считают текст песни верным
    0 чел. считают текст песни неверным
    Тут находится текст песни 03 Дорожк - 3, а также перевод, видео и клип.

    Dokuz aý ýatmyşam enem garnynda,
    Göz açyp, dünýäge düşen günlerim.
    Dört aýakda gezdim enem elinde,
    Sekiz aýda hem gülüşen günlerim.

    Birimde bilmedim ýagşy ýamany.
    Ikimde tanadym ata-enäni,
    Üç ýaşymda tañry berdi zybany,
    Dört ýaşymda daş atyşan günlerim.

    Bäşimi ötürdüm bahar ýaz bilen.
    Alty ýaşda kowalaşdym saz bilen.
    Ýedi ýaşda, işim bolmaz gyz bilen.
    Sekizimde dişim düşen günlerim.

    Dokuzumda berdim tañry salamy.
    Onumda boýnumda hakyñ kelamy,
    Onbirimde tutdum döwlet galamy,
    Okap,okap magny saçan günlerim.

    Onikimden gitdim onüç ýaşyma,
    On dördümde eser urdu başyma,
    On bäşimde gyzlar girdi düşüme,
    On altymda gaýnap joşan günlerim.

    Ýigrimimde messan-messan gezerdim,
    Ýigrimbäşde ganym okun düzerdim.
    Otuzumda atlar münüp gezerdim.
    Otuz bäşde ters söweşen günlerim.

    Kyrkymda goýulyp, käsäm dolmuşam.
    Ellimde elime tesbih almyşam.
    Altmyşymda pire mürit bolmuşam.
    Pygammer ýaşyny ýaşan günlerim.

    Ýetmişimde agry indi dyzyma.
    Segsenimde gubar indi gözüme.
    Togsanymda huş galmady özüme.
    Akyl huşdan jyda düşen günlerim.

    Ýüz ýaşa ýetirmän, alarlar janyñ,
    Uzadyp goýarlar, biçerler donuñ,
    Magtymguly, hemra bolsun imanyñ.
    Jan jesetden,aýra düşen günlerim.

    Опрос: Верный ли текст песни?
    ДаНет